Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti Gyrgyzystana sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystana iki günlük saparyna başlady.

Gyrgyzystanyň prezident diwanynyň informasiýa we syýasat bölüminiň berýän habaryna görä, gyrgyz prezidentiniň «Ala-Arça» döwlet rezidensiýasynda gyrgyz prezidenti bilen sapara gelen türkmen lideriniň arasynda dar çäkdäki duşuşyk boldy.

Habarda aýdylmagyna görä, duşuşyk mahalynda Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasynda sowda-ykdysady, gaz transporty, medeni-gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek barada gürrüň edildi.

«Biz bu duşuşykdan soň gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşiniň täze bir döwrüniň başlanmagyna umyt baglaýarys» diýip, gyrgyz lideri Almazbek Atambaýew aýdypdyr.

Bu Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyzystana ilkinji resmi saparydyr. Ol ozal Bişkege 2007-nji ýylda, ŞHG sammitiniň hormatly myhmany hökmünde gelipdi.

XS
SM
MD
LG