Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda rus esgerleri sud edilýär


Paýtagt Duşenbede geçen ýyl täjik taksiçisini öldürmekde güman edilýän iki rus esgeriniň sud diňlenişigi başlandy.

Rus goşunynyň wzwod komandiriniň orunbasary Fýodor Basimow we ozalky bölüm komandiri Ildar Saharow geçen ýylyň awgustynda, 36-ýaşyndaky taksiçi Rahimjon Teşeboýew Duşenbede öli tapylandan soň tussag edildi.

Medisina barlaglary Teşeboýewiň öldürilmezinden öň erbet ýenjilendigini görkezdi.

Bu waka täjik we rus harby işgärleriniň arasynda dartgynlylyk döretdi.

Täjigistanda 7 müň çemesi rus harbysy gulluk edýär.

XS
SM
MD
LG