Sepleriň elýeterliligi

Bişkekde 15 dokumente gol çekildi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistandan Hytaýa çekiljek demirýoluň gurluşygyny çaltlandyrmagy wada berdi.

Berdimuhamedow gyrgyz kärdeşi Almazbek Atambaýew bilen geçiren gepleşiklerinden soň, «tutuş dünýä üçin uly ähmiýeti bolan» energiýa we howpsuzlyk meselesi barada maslahat edendigini aýtdy.

"Türkmenistandan Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üsti bilen Hytaýa çekiljek gaz geçirijisiniň gurluşygy ýakyn geljekde amala aşyrylar» diýip, Berdimuhamedow anyklaşdyrman aýtdy.

Iki lider saparyň birinji gününde bilim, energiýa, transport, ylym we tehnologiýa pudaklarynda özara hyzmatdaşlyk boýunça 15 dokumente gol çekdi.

XS
SM
MD
LG