Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 'Bişkegiň ýollaryny bekledi'


G.Berdimuhamedow (ç) we Almazbek Atambaýew (s), Bişkek, 5-nji awgust, 2015.
G.Berdimuhamedow (ç) we Almazbek Atambaýew (s), Bişkek, 5-nji awgust, 2015.

Türkmenistanyň prezidenti Gyrgyzystana ilkinji resmi saparyna başlady. 5-nji awgustda Bişkekde G.Berdimuhamedowyň we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Azatlyk Radiosy türkmen prezidentiniň Bişkekde kabul edilişi we geçirilen gepleşikleriniň netijeleri barada Gyrgyz gullugynyň Bişkekdäki habarçysy Sabyr Abdumomonow bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň prezidentleriniň arasynda geçirilen resmi gepleşikler nähili netije berdi?

Sabyr Abdumomonow: Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň giňeldilen düzümindäki gepleşikleriň netijesinde ençeme dokumente gol çekildi. Olar saglygy saklaýyş, syýahatçylyk, gazyň, elektrik energiýasynyň söwdasy, medeniýet we oba hojalygy boýunça hyzmatdaşlyga degişli. Şeýle-de Türkmenistanyň prezidenti türkmen resmilerine Yssyk kölüň gyrasyndan gurluşyk üçin amatly ýer gözlemegi tabşyrdy we türkmen syýahatçylarydyr Gyrgyzystana gelýän beýleki myhmanlar üçin Türkmenistanyň bu ýurtda myhmanhana gurmak planynyň bardygyny aýtdy. Myhmanhananyň Türkmenistanyň maýa goýumlarynyň hasabyna guruljagy aýdyldy. Munuň öňüsyrasynda türkmen resmileriniň we Yssyk köl regionynyň ýolbaşçysynyň arasynda türkmen myhmanhanasyny gurmak baradaky ylalaşyga gol çekildi.

Azatlyk Radiosy: Siz gazyň we elektrik togunyň söwdasyna degişli ylalaşyga gol çekilendigini aýtdyňyz. Bu söwda degişli sanlar, nyrhlar barada maglumat berildimi?

Sabyr Abdumomonow: Elektrik togunyň möçberi we näçeden satyljagy barada yglan edilmedi, emma nebite degişli käbir sanlarda Gyrgyzystanyň Türkmenistandan ýarym million tonna nebiti satyn aljakdygy habar berildi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň haýsy ugurlary Gyrgyzystany has gyzyklandyrýar we şol ugurlardan ylalaşyklar baglaşyldymy?

Sabyr Abdumomonow: Biznesmenlerimiziň, telekeçilerimiziň aýdyşy ýaly, düýn geçirilen türkmen-gyrgyz biznes forumynda Gyrgyzystanyň elektrik energiýasyny, nebit-gaz önümlerini, oba hojalyk önümlerini we azyk harytlaryny satyn almaga uly gyzyklanma bildirýändigi belli boldy. Türkmenistan bolsa maşyn gurluşyk önümleriniň, oba hojalyk önümleriniň söwdasyna gyzyklanma bildirdi. Şeýle-de gyrgyz telekeçileri iki ýurduň baştutanlarynyň duşuşygynda özleri üçin wiza düzgünini aňsatlaşdyrmak meselesiniň gozgalmagyny haýyş etdiler we munuň ýurtlaryň işewürleriniň arasynda kadaly hyzmatdaşlygyň bolmagy üçin zerurdygyny aýtdylar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidentiniň Bişkege sapary paýtagtyň gündeki durmuşyna nähili täsir ýetirdi?

Sabyr Abdumomonow: Hawa, birinjiden, bizde ýol hereketi doňdy. Gyrgyzytanyň prezidentiniň köşgi şäheriň günortasynda ýerleşýär, aeroport bolsa demirgazykda. Olaryň arasyndaky ýol hem şäheriň ortasyndan geçýär. Türkmenistanyň prezidentiniň gelmegi bilen ýollar bir sagatdan gowrak wagtlap ýapyldy, merkezi köçe bilen bilelikde, ýene birnäçe köçe ýapylyp, örän uly ulag dyknyşyklary emele geldi. Bu ýagdaý internetdäki sosial ulgamlarda hem gyzgalaňly diskussiýa döretdi. Faceebokda, Twitterde Türkmenistan, türkmenler we türkmen prezidenti barada köp ýazýarlar.

Azatlyk Radiosy: Sabyr, Gyrgyzystana beýleki ýurtlaryň prezidentleri baranlarynda-da şeýle bolýarmy?

Sabyr Abdumomonow: Ýakynda Gyrgyzystana Mongoliýanyň prezidenti gelipdi, emma Bişkegiň köp ýaşaýjysy bu waka üns hem bermedi. Täjigistanyň prezidenti gelende-de ýol bir salym ýapylypdy, emma Türkmenistanyň prezidentiniň saparynda bolşy ýaly bolmandy. Şu sapar her bir metrden diýen ýaly bir milisiýa işgäri gözegçilik etmäge goýuldy, bu biz üçin örän adaty bolmadyk bir ýagdaý.

XS
SM
MD
LG