Sepleriň elýeterliligi

Yraklylar hökümete garşy protest geçirýär


Protest aksiýasy, Amara, 4-nji awgust, 2015

Protest aksiýasy, Amara, 4-nji awgust, 2015

Yraklylar korrupsiýa, hyzmatlaryň pes hiline, yssy howada elektrik togunyň kesilmegine garşy protest bildirip, 4-nji awgustda ýene-de köçä çykdylar. Bu indi protestleriň bäşinji günüdir.

Protest aksiýasy çäklendirilen görnüşde we, esasan, parahatçylykly geçýän hem bolsa, ýurduň günbataryndaky Anbar welaýatyny “Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň elinden gaýdyp almak boýunça täze basyşlara taýýarlanýan premýer-ministr Haidar al-Abadiniň häkimiýetdäki pozisiýasyny gowşadyp biler.

Şaýatlar ýüzlerçe protestçiniň Bagdatdan 300 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýän Amara şäherinde köçä çykyp, hökümete garşy şygarlary öňe sürendigini we elektrik toguny, iş orunlaryny we hökümetde reformalaryň geçirilmegini talap edendigini gürrüň berdiler.

Hökümete garşy protestler 31-nji iýulda Bagdatda başlandy we soňky günlerde Basra, Najaf we Nasiriýah şäherlerine ýaýrady.

Yrakda howanyň gyzgynynyň 50 gradusdan aşmagy energiýa ýetmezçiligini döretdi we geçen hepdede hökümeti ýurtda dört günlük dynç alyş yglan etmäge mejbur etdi.

Bagdatdaky çykyşlar

Bagdatda ýygnanyşan, esasan orta gurply ýüzlerçe adamlar, 31-nji iýulda geçirilen protestde “Ogrular!” diýen aýyplamany öňe sürdüler.

Demonstrantlaryň arasynda döwlet işindäki adamlaryň uly topary bardy we olar hökümeti tankyt etmekden çekinmediler.

“Biz şowsuz hökümete garşy çykyş edýäris, halkyň umytlaryny puja çykaran hökümete garşy çykýarys” diýip, Medeniýet ministrliginde işleýän Nahida Ahmad aýtdy.

Suw ministrliginiň inženeri Dawood Akram “öz saýlan hökümetimizden göwnümiz galdy”, “13 ýyl bäri suwsuz, elektrik toksuz we kadaly girdejisiz. Halk ýeterlik azap gördi” diýdi.

Energiýa üpjünçiligi

Ýurtdaky öndürilýän energiýa ýurduň uly böleginde günde diňe birnäçe sagat ulanmaga ýetýär we tomsuň yssy howasynda uly öňaýsyzlyklary döredýär.

Premýer-ministr Abadi geçen hepdede režimli elektrik üpjünçiligini ýola goýmak boýunça degişli edaralary döretmegi we bu ugurdan jogapkär hökümet resmilerini bellemegi tabşyrdy.

Yrakda elektrik togunyň öndürilişi ýyllar boýy dowam eden urşuň we dowamly maliýe ýetmezçilikleriň netijesinde gowşady.

Yragyň Elektrik üpjünçiligi ministriniň geçen hepdede parlamente aýtmagyna görä, Yrak 21 müň megawatt möçberde elektrik toguna mätäç bolsa-da, häzirki wagtda ýurt diňe 11 müň megawatt möçberde elektrik toguny öndürmäge ukyply.

2001-nji ýylda ABŞ-nyň Yraga goşun salmagyndan soň yslamçy gozgalaňçylar ýurduň energiýa infrastrukturasyna yzygiderli hüjümleri amala aşyrýarlar.

XS
SM
MD
LG