Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky kommunistiň ajy hakykaty


Robert Konkwest
Robert Konkwest

Sowet režiminiň aýylgançlyklaryny jikme-jik açyp görkezen, Iosif Staliniň dolandyryşy astynda açlyga, gyrgynçylyga sezewar edilen adamlaryň günbatarly sene ýazyjysyna öwrülen anglo-amerikan taryhçysy, tanymal şahyr Robert Konkwest 3-nji awgustda, Palo Altoda, Kaliforniýada 98 ýaşynda aradan çykdy.

Konkwestiň 1968-nji ýylda çap edilen iň belli eseri - «Uly terror» 1937-nji ýyldan 1939-njy ýyla çenli geçirilen stalinçi arassalaýyşyň ilkinji jikme-jik hasabaty bolupdy. Onuň hasaplamalaryna görä, Stalin döwründe açlykdan 20 million adam gyrlan bolsa, ýene millionlap adam režim tarapyndan jezalandyrylyp öldürilipdi.

Has anygy, Robert Konkwestiň "Uly terror" kitabynda getirilýän ilkinji sanlara görä, ozalky SSSR-de 1937-1938-nji ýyllarda 7 million çemesi adam türmä basylýar, şolaryň 1 million çemesi jezalandyrylyp öldürilýär, 2 million çemesi türmelerde ölýär. Şeýle-de ol 1938-nji ýylyň aýagynda sowet türmelerinde 8 million tussagyň bolandygyny çaklapdy. Soň Moskwa sowet türmlerinde 1952-nji ýylda 12 million tussagyň bolandygyny tassyk etdi.

Konkwestiň hasaplamalarynda görä, SSSR-de 1929-njy ýyldan 1933-nji ýyla çenli geçirilen daýhan terrorynda, soňra 1937-nji ýyldan 1953-nji ýyla çenli, jemi 40 million adam repressiýa sezewar edilipdi.

Ýaşlygynda joşgunly bolşewik, kommunist bolan Konkwest soňy bilen sowet «sosializminiň» gaýduwsyz duşmanyna öwrülýär. Ol Orsýete ilkinji gezek 1937-nji ýylda sapar edýär we bu ýere 1989-njy ýyla çenli dolanmaýar.

Türkmen okyjylary Robert Konkwestiň işlerini öz dillerinde okap bilmeýärler, sebäbi olar hiç wagt türkmençä geçirilmedi. Biz şu boşlugy nazara alyp, onuň «Uly terror» kitabyndan gysgajyk bir bölegi, döwlet prokurory bilen günälenýänleriň arasyndaky sorag-jogaby Azatlygyň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

"Men indi hakykaty aýdýaryn"

Wişinskiý: Günälenýän Şarangowiç, siz türmede bolsaňyz hem polýak içalysydyňyzmy?

Şarangowiç: Hawa, men türmede bolsam hem içalydym.

Buharin: Men şwed türmesinde boldum, rus türmesinde iki gezek oturdym, german türmesinde-de oturdym.

"Uly terroryň" rusça neşiriniň jildi
"Uly terroryň" rusça neşiriniň jildi


***

Wişinskiý: Günälenýän Ýagoda, sen Lewine Kazakowy özüň bilen gürleşmek üçin çagyrmak barada tabşyryk berdiňmi?

Ýagoda: Men bu adamy şu ýerde ilkinji gezek görýän.

Wişinskiý: Onsoň sen Lewine şeýle tabşyryk berdiňmi?

Ýagoda: Men Lewine muny aýtmak barada tabşyryk berdim...

Wişinskiý: Kim bilen?

Ýagoda: Kazakow bilen, emma men ony şahsy kabul etmedim.

Wişinskiý: Men senden ony kabul edip-etmäniňi soramok; men senden Lewine Kazakow bilen gürleşmek barada tabşyryk berdiňmi ýa ýok diýip sorýan.

Ýagoda: Men Kazakow bilen gürleşmek barada tabşyryk beremok.

Wişinskiý: Sen ýaňyja şu ýerde Lewine özüňiň şeýle tabşyryk bereniňi aýtdyň ahyryn.

Ýagoda: Men Lewine Alekseý Maksimowiç Gorkini we Kuýbyşewi nädip öldürmelidigi barada tabşyryk berdim, bar bolany şol.

Wişinskiý: Menžinskiý babatda näme aýdyp biljek?

Ýagoda: Men Menžinskini öldürmek barada, ýa-da Maks Peşkowy öldürmek barada tabşyryk bermedim.

Wişinskiý Ýagodanyň buýrugy boýunça Peşkowy öldürmekdäki roluny boýun alan Krýuçkowy çagyrýar. Soň ol Ýagoda tarap öwrülip, onuň deslapky derňew mahalynda Menžinskini we Peşkowy öldürendigini boýum alyp ýazan görkezimesini okaýar:

Wişinskiý: ... Sen kasam astynda şuny aýtdyň dälmi, günälenýän Ýagoda?

Ýagoda: Men şeýle etdim diýdim. emma ol dogry däl.

Wişinskiý: Eger dogry bolmasa, sen näme üçin kasam astynda beýle zat aýtdyň?

Ýagoda: Men näme üçindigini bilemok.

Wişinskiý: Oturyň. "Men Kazakowy çagyrdym we öz buýrugymy tassykladym... Ol öz işini bitirdi. Menžinskiý öldi." Sen şulary kasam astynda diýdiň dälmi, günälenýän Ýagoda?

Ýagoda: Hawa, diýdim.

Wişinskiý: Onda sen Kazakow bilen duşuşypsyň-da?

Ýagoda: Ýok.

Wişinskiý: Sen näme üçin kasam astynda ýalňyş görkezme berdiň?

Ýagoda: maňa şu soraga jogap bermezlige rugsat ediň.

Wişinskiý: Onda sen Menžinskiniň öldürilmegini gurnanyňy inkär edýrsiň-dä?

Ýagoda: Hawa, inkär edýärin.

Wişinskiý: sen muny şu görkezmäňde boýun almadyňmy näme?

Ýagoda: Hawa, boýun aldym.

Wişinskiý: Haçanda Prokuror ýa Bileleşik sorag edende, sen Menžinskiniň ölüminde öz roluň babatdaky soraga näme jogap berdiň?

Ýagoda: Men o mahal muny hem boýun aldym.

Wişinskiý: Sen boýun aldyň, hä. Sen muny näme üçin boýun aldyň?

Ýagoda: Maňa şu soraga jogap bermezlige rugsat ediň.

Wişinskiý: Onda soňky soraga jogap ber: Sen deslapky derňew boýunça nähilidir bir şikaýat etdiňmi ýa garşylyk bildirdiňmi?

Ýagoda: Ýok.

Wişinskiý: Sen häzir nähilidir şikaýat taýýarlaýarmyň?

Ýagoda: Ýok.

Wişinskiý Peşkowyň öldürilmegi baradaky soragy dowam etdirýär:

Wişinskiý: Onda Krýuçkowyň aýdýan hemme zady...

Ýagoda: Olaryň hemmesi ýalan.

Wişinskiý: Sen oňa maksim Peşkow barada şeýle tabşyryk bermediň, şeýlemi?

Ýagoda: Graždanin prokuror, men ozal hem aýtdym, Maksim Peşkow barada men tabşyryk bermedim. Men onuň öşldürilmeginde many göremok.

Wişinskiý: Onda Lewin ýalan sözleýär-dä?

Ýagoda: Ol ýalan sözleýär.

Wişinskiý: Kazakowam ýalan sözleýärmi?

Ýagoda: Hawa, ýalan sözleýär.

Wişinskiý: Krýuçkow näme?

Ýagoda: Ýalan sözleýär.

Wişinskiý: Sen Krýuçkowa Maksim Peşkowyň öldürilmegi barada hiç bir tabşyryk bermediňmi? Deslapky derňewde sen...

Ýagoda: Men ýalan sözledim.

Wişinskiý: Indi näme?

Ýagoda: Indi men hakykaty aýdýaryn.

Wişinskiý: Sen deslapky derňewde näme üçin ýalan sözlediň?

Ýagoda: Men size aýtdym-a. Maňa şu soraga jogap bermezlige rugsat ediň.


Robert Konkwestiň "The Great Terror" kitabyndan türkmençä geçirildi.

XS
SM
MD
LG