Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýete 1.2 milliard ewro tölener


France -- The two Mistral-class helicopter carriers Sevastopol (L) and Vladivostok are seen at the STX Les Chantiers de l'Atlantique shipyard site in Saint-Nazaire, May 21, 2015
France -- The two Mistral-class helicopter carriers Sevastopol (L) and Vladivostok are seen at the STX Les Chantiers de l'Atlantique shipyard site in Saint-Nazaire, May 21, 2015

Fransiýanyň goranmak ministri Žan-Iwes Le Drian Parižiň Orsýete ýatyrylan "Mistral" gämi ylalaşygy sebäpli 1.2 milliard ýewro tölejegini aýtdy.

Le Drian 6-njy awgustda RTL radiosyna bu meseläniň bir gün öň fransuz prezidenti Fransua Olland we onuň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen maslahatlaşylandygyny, indi bu meselede düşünişmezlik ýokdugyny aýtdy.

Le Drian iki sany «Mistral» söweş gämisiniň başlangyç bahasynyň 1.2 milliard ýewro bolandygyny, emma Fransiýanyň bu bahadan az tölejegini, sebäbi gämileriň heniz taýyn edilmändigini we şertnamanyň togtadylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG