Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe «köpgyraňly» söweşe başlar


Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Kawusoglu basym «Yslam döwleti» jeňçi toparyna garşy «köpgyraňly» söweşiň başlanjagyny aýtdy.

Kawusoglu 5-nji awgustda, Kuala Lumpurda geçýän ASEAN sammitinde amerikan dronlarynyň we uçarlarynyň Türkiýäniň "Injirlik" howa bazasyna gelip başlandygyny aýtdy.

«Basym Birleşen Ştatlar we Türkiýe Daeşe, ýagny «Yslam döwleti» diýilýän topara garşy köpgyraňly söweşe başlar» diýip, Kawusoglu aýtdy.

Ol 5-nji awgustda malaýziýada ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen duşuşdy. Türkiýe iýulyň aýagynda «Yslam döwleti» toparynyň Siriýadaky bazalaryna zarba urdy we ABŞ-nyň söweş uçarlaryna "Injirlik" harby howa bazasyny ulanmaga rugsat berdi.

XS
SM
MD
LG