Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz žurnalistine hüjüm edildi


Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň žurnalisti Gyrgyzystanyň Oş şäherinde işe barýan wagty, toý prosesiniň golaýynda hüjüme sezewar boldy.

Ydrys Isakow 5-nji awgustda maşynly işe barýan wagty, üç awtoulag bilen öňi baglanyp, ýolundan saklandy.

Žurnalisti saklan ýaş adamlar oňa bu ýoldan maşyn sürmeli däldigini, sebäbi onuň ýaş çatynjalaryň toý ýörişi üçin ulanylýandygyny aýtdylar.

Gyrgyzystanda soňky döwür ýaş çatynjalar uly ýolda deň-duşlary bilen toý gezelenjini gurnamagy, garyndaşlarynyň bolsa yzdan ýuwaşja maşynly ugratmagyny, başga maşynlaryň ýoldan sowulmagyny ýoň edinýärler.

Isakow ýoluny üýtgetmekden boýun gaçyrýar we ony saklan adamlar topulyp, žurnalisti urýarlar.

Bir hüjümçi oňa özüniň ýerli prokuraturanyň işgäriniň garyndaşydygyny aýdýar. Haçanda Isakow olary wideo düşürip başlanda, hüjümçiler gaçýar.

XS
SM
MD
LG