Sepleriň elýeterliligi

Hodorkowskiniň kakasy soraga çekilýär


Rus tütjary Mihail Hodorkowskiniň 82 ýaşyndaky kakasy Moskwada derňew komitetiniň soragyna çekilýär.

Boris Hodorkowskiý 6-njy awgustda aklawçysy bilen derňew edarasyna geldi. Ol žurnalistlere özüniň näme üçin soraga çagyrylandygyny bilmeýändigini aýtdy.

Derňew komiteti iýunda Nefteýugansk şäheriniň 1998-nji ýylda öldürilen häkimi Wladimir Petýukowyň işiniň derňewiniň gaýtadan açyljagyny, sebäbi täze deliliň tapylandygyny aýtdy.

Aýdylmagyna görä, täze delil dargadylan «Ýukos» kompaniýasynyň ozalky ýolbaşçysy Mihail Hodorkowskä «barmak çommaldýar». Sebäbi, Petýukow öldürilen wagty «Ýukosyň» esasy emlägi Nefteýugansk şäherinde ýerleşýän eken.

Prezident Putiniň tankytçysy bolan Mihail Hodorkowskiý Derňew komitetiniň esasy maksadynyň öz maşgalasyna basyş etmekdigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG