Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda 88 jeňçi öldürildi


Owganystanyň Içeri işler ministrligi 5-nji awgustda irden soňky 24 sagatda geçirilen harby operasiýalarda ýurt boýunça 88 sany ýaragly gozgalaňçynyň öldürilendigini aýtdy.

Bu operasiýalar nangarhar, Lagman, Maýdan Wardak, Gazni, Takhar, Gunduz, Farýap, Sare-Pul, Balh, Zabul, Oruzgan, Host, Paktiýa we Helmand welaýatlarynda geçirilipdir.

Nangarharyň polisiýa başlygy 4-nji awgustda öldürilen jeňçileriň 60 sanysynyň Nangarhara urlan howa zarbalary netijesinde ýok edilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG