Sepleriň elýeterliligi

Baku: Aýyplaýjy Ýunusa 11 ýyl sorady


Leýla Ýunus

Leýla Ýunus

Azerbaýjanyň döwlet prokurory Bakuwyň suduny adam hukuklaryny goraýjy Leýla Ýunusy 11 ýyl türme tussaglygyna höküm etmegi sorady.

Bakuwyň Agyr jenaýatçylyklar boýunça suduna 6-njy awgustda iberilen beýannamada prokuror Leýla Ýunusyň adamsy Arif Ýunusy hem dokuz ýyl türmä basmagy sorady.

Är-aýala watana dönüklik, hilegärlik, galplyk, salgytdan gaçmaklyk we bikanun biznes etmek bilen bagly aýyplamalar ýöňkelýär.

27-nji iýulda başlanan bu sud diňlenişigi 10-njy awgusta çenli yza tesdirildi.

Leýla Ýunus 2014-nji ýylyň iýul aýyndan bäri tussag astynda saklanýar, onuň adamsy Arif geçen ýylyň awgust aýynda tussag edildi.

Bir ýyla golaý wagtlap aýralykda tussaglykda saklanan Leýla we Arif Ýunus 15-nji iýulda birinji gezek Bakuwda geçirilen sud diňlenişigine bilelikde eltildiler.

Olaryň ikisiniň-de saglyk ýagdaýy ýaramaz, olar tussaglykda özlerine kadaly medisina kömeginiň berilmeýändigini aýdýarlar.

59 ýaşly Leýla we onuň 60 ýaşly adamsy Arif Azerbaýjanda tussag edilen aktiwistleriň, žurnalistleriň we hökümeti tankyt edýänleriň tussaglykdaky onlarça adamdan ybarat sanawyna girýärler. Adam hukuklaryny goraýjy toparlar bu tutha-tutlugyň prezident Ylham Alyýewiň närazylyk bildirýänleri sem etmek boýunça alyp barýan çäreleriniň netijesidigini aýdýarlar.

Leýla we Arif Ýunus özlerine ýöňkelýän aýyplamalaryň syýasy maksatlydygyny nygtaýarlar.

Geçen ýylda Leýla Ýunusyň iki aklawçysy sud işine gatnaşmakdan mahrum edilipdi. Olara Ýunusy gorap çykyş etmek Azerbaýjanyň häkimiýetleri tarapyndan gadagan edilip, munuň sebäpleri düşündirilmändir.

Leýla Ýunus Bakuwda “Parahatçylyk we Demokratiýa boýunça institutyň” esaslandyryjy müdiri. Ol ençeme ýylyň dowamynda adam hukuklaryny goraýjy ermeni aktiwistleri bilen ýüzbe-ýüz diplomatiýasyna aktiw gatnaşyp geldi.

Leýla Ýunus Azerbaýjanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň açyk tankytçysy.

Arif Ýunus ady belli taryhçy we Kawkazdaky konfliktler boýunça barlag geçirýän alym. Ol alyp baran işinde dawaly Daglyk Garabag regionyndaky konflikte esasy üns beripdi. Esasan ermeni ilatly region 1990-njy ýyllaryň başynda Ermenistan tarapyndan goldanan separatistler tarapyndan Azerbaýjandan bölünip alnypdy.

XS
SM
MD
LG