Sepleriň elýeterliligi

logo-print

“Uly Gatsbynyň” awtorynyň täze hekaýasy tapyldy


Ýazyjy F.Scott Fitžerald

Ýazyjy F.Scott Fitžerald

F. Skott Fitžeraldyň (Scott Fitzgerald) hekaýasy

“Uly Gatsby” atly romany ýazan, 44 ýaşynda ýüregagyrydan ýogalan F.Scott Fitžeraldyň täze tapylan hekaýasy ýazyjy dünýeden öteninden 75 ýyl soň çap edildi.

“Temperatura” (“Temperathur”) diýip atlandyrylan bu hekaýany “Strand” žurnalynyň täze sanyndan okap bolýar.

“Strand” žurnalynyň redaktory Andrew Gulli, merhum ýazyjynyň Princeton uniwersitetiniň kitaphanasynda saklanýan arhiwini dören mahaly şol 8 müň sözden ybarat hekaýasyny tapypdyr. Ol hekaýa mundan owal hiç wagt hiç ýerde çap edilmändir.

Hekaýany ýazan wagty öz edebi wekiliniň işleýşinden närazy bolup, onuň bilen resmi suratda arasyny kesmegi ýazyjynyň bu hekaýasynyň çap edilmän galmagyna getiripdir.

Gulli “Associated Press” habar gullugyna beren interwýusynda: “Biz ol hakda söz açanymyzda, ýadymyza derrew pajygaly romanlar düşýär. “Temperatura” hekaýasy bolsa ýazyjynyň hekaýaçy-da bolandygyny we degişme we tankydy äheňli, ýagny satiriki we ýumoristik hekaýalary hem ýazandygyny aňladýar” diýýär.

“Fitžerald... öz satiriki ukybyny jemgyýetiň öňdebaryjylaryndan Golliwud ýyldyzlaryny, şeýle-de jemgyýetiň ähli gatlaklaryny özüne bendi etmek üçin ussatlyk bilen ulanypdyr”.

“Temperatura” hekaýasynda waka Los Angels şäherinde bolup geçýär. Hekaýa 31 ýaşyndaky ýazyjy Emmet Monseniň başdan geçirenlerini gürrüň berýär. Ol alkogolik, ýüregagyryly hem “gaty gelşikli, ýagny fotogenik” bir adam.

Hekaýany tapan redaktor bu hekaýanyň esasynda kinofilm döredip boljakdygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG