Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Awçylyk möwsümi başlanýar


Türkmenistanda 7-nji awgustdan 8-nji awgustda geçilýän gijesi awçylyk möwsümi başlanýar.

Ýurtda howesjeň awçylygyň tebigatdan peýdalanmagyň resmi taýdan rugsat berilen görnüşleriniň biridigi resmi maglumatda aýdylýar.

Habar berilişine görä, Türkmenistanyň awçylar we balykçylar jemgyýetleriniň agzalaryna awa çykmaga rugsat berilýär. Munuň üçin zerur düzgünnamalaryň bolmalydygy aýdylýar we Tebigaty goramak boýunça ministrligiň “Türkmenistanyň territoriýasynda 2015-2016-njy ýyllaryň awçylyk möwsümini açmak barada” çap eden ýyllyk permany bilen tanyşmak maslahat berilýär.

Häzirki awçylyk möwsüminde möjegi, şagaly, tilkini, garsagy, sähra we jeňňel pişiklerini, gögerçin kepderileri awlamaga rugsat berilýär. Gazy, käkiligi we töwşanyň käbir görnüşini awlamak üçin wagt möhleti çäklendirilýär.

Şeýle-de awlanjak awyň möçberiniň hem kesgitlenendigi habar berilýär, şu möwsümde hepdäniň duşenbe sişenbe günleri “ümsümlik günleriniň” hem göz öňünde tutulandygy resmi habarda aýdylýar.

Awçylyk möwsümi 2016-njy ýylyň 20-nji martyna çenli dowam eder.

XS
SM
MD
LG