Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: Ismaýilowanyň işi diňlenýär


Ismaýilowanyň işini diňleýän suduň jaýy, Baku, 7-nji awgust, 2015.
Ismaýilowanyň işini diňleýän suduň jaýy, Baku, 7-nji awgust, 2015.

Azerbaýjanly derňewçi žurnalist Hadija Ismaýilowanyň sud diňlenişigi başlandy.

7-nji awgustda Bakuda suduň jaýyna aktiwistleriň, žurnalistleriň we diplomatik korpusyň käbir agzalarynyň girmegine mümkinçilik berilmedi.

Ismaýilowanyň işi boýunça deslaply diňlenişikler 24-nji iýulda geçirildi.

Azerbaýjanda giň ýaýran korrupsiýa barada maglumat bermegiň üstünde işlän Ismaýilowa ogurlykda, salgytdan gaçmakda we häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýar.

Ol özüne garşy gozgalan işiň syýasy sebäpler bilen baglydygyny aýdýar. Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler we günbatar hökümetleri onuň tussaglygyny yzygiderli tankyt edýärler.

Sud diňlenişigi Ismaýilowanyň tussag edilmeginden sekiz aýdan soň geçirilýär. Şol döwrüň dowamynda adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Ismaýilowanyň tizden-tiz boşadylmagyny talap etdiler.

29-njy iýulda ABŞ-nyň milli media kluby Ismaýilowa Metbugat Azatlygy boýunça abraýly baýragyny gowşurdy.

XS
SM
MD
LG