Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindi Okeanynda uçar galyndylary tapyldy


Hindi okeanyndaky adada MH370 uçarynyň oturgyç we aýna döwükleriniň ençemesiniň tapyndygyny Malaýzianyň transport ministri 6-njy awgustda habar berdi.

“Biz uçaryň aýnalary, aluminiý bölekleri we oturgyçlaryň bölekleri ýaly galyndylary tapdyk”, diýip Liow Tiong Lai aýtdy.

Resminiň sözlerine görä, bu galyndylar häzir barlanýar we olaryň Malaýziýanyň howa ýolarynyň 2014-nji ýylyň 8-nji martynda ýitirim bolan uçaryna degişliligi anyklanýar. Uçar 239 adamy Kuala Lumpurdan Pekine alyp barýardy.

XS
SM
MD
LG