Sepleriň elýeterliligi

Kabulda güýçli partlama boldy


Partlamanyň bolan ýeri, Kabul, 7-nji awgust, 2015

Partlamanyň bolan ýeri, Kabul, 7-nji awgust, 2015

Owganystanyň paýtagtynda 7-nji awgustda irden hökümet edaralarynyň golaýynda janyndan geçen hüjümçiniň içi bombaly ulagy partlatmagy zerarly tutuş şäheriň içinde ençeme bina ýumruldy we azyndan 15 adam wepat boldy, diýip owgan resmileri habar berdiler.

Kabulyň polisiýasy başda azyndan 10 adamyň ölendigini we 128 adamyň ýaralanandygyny aýtdy, yzýany ölenleriň sanynyň 15 adama, ýaralananlaryň 240 adama ýetendigi habar berildi.

“Talyban” toparynyň adaty tomusky hüjümlerine gabat gelen bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady.

Partlama Owganystanyň milli goşunynyň aňtaw edarasynyň golaýynda ýüze çykdy.

Keselhanalaryň resmileri ýaralanyp, ýüz tutanlaryň aşa köpdügini, şol sanda aýallaryň we çagalaryň bardygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG