Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Söweşe daşary ýurtlular çekildi


Goranmak ministrliginiň howlusynyň golaýynda ýarylan ýük maşyny 15 adamy öldürip, 240 çemesi adamy ýaralady.

Goranmak ministrliginiň howlusynyň golaýynda ýarylan ýük maşyny 15 adamy öldürip, 240 çemesi adamy ýaralady.

Owgan paýtagtyny çaýkan bomba partlamalary onlarça adamy öldürip, ýüzlerçe adamy ýaradar etdi.

Kabulda 7-nji awgustda üç sany aýry-aýry partlama boldy, ilkinji ulag bombasy ýarygijeden biraz soň partladylyp, şäher merkezinde uly weýrançylyk etdi. Bu partlamada 15 adam ölüp, 240 adam ýaraly boldy.

Şondan 24 sagatdan hem az wagt içinde, janyndan geçen bombaçy polisiýa lybasyny geýip, Kabuldaky polisiýa akademiýasynyň işiginde özüni partlatdy.

Bir bombaçy 40 adamy öldürdi

Içeri işler ministrliginiň 8-nji awgustdaky beýanatynda bu hüjüm netijesinde 40-dan gowrak kadetiň we asuda adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Owganystanyň Neşe maddalaryna garşy göreş ministrliginiň golaýyndaky ýaragly söweşe daşary ýurt esgerleri çekildi.

Owgan howpsuzlyk gullugyndaky çeşme Azatlyk radiosyna daşary ýurt esgerleriniň ministrligiň daşyny gurşap alandygyny we ol ýerdäki owgan howpsuzlyk güýçleriniň ornuna geçendigini, sebäbi ministrligiň binasynyň içinde daşary ýurtly geňeşçiler bar diýip pikir edilýändigini aýtdy.

Bu söweş Kabulda bolan partlamalardan soň turdy we atyşyk gijesi bilen dowam etdi. NATO uçarlarynyň hem bu ýeriň ýokarsynda öwrüm edýäni eşidildi.

NATO hem 8-nji awgustda ýörite güýçleriň ulanýan bazasynda, Kabul aeroportynyň ýanyndaky Integriti lagerinde bolan söweşde sekiz sany graždan şertnamaçynyň we bir harby gullukçynyň öldürilendigini tassyk etdi. Bu desga, pitneçiler bilen atyşyk başlanmazyndan öň, ulag bombasy bilen hüjüm edildi.

Kabul bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky howpsuzlyk şertnamasyna görä, Owganystandaky amerikan esgerleriniň köpüsi esasan owgan güýçleri üçin geňeşçi we tälim beriji rolunda gulluk edýär.

Emma ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň, ýurtdaky daşary ýurtly geňeşçileriň goragyny üpjün etmek üçin, howpsuzlyk operasiýalaryny öz eline almak ygtyýary bar.

7-nji awgust güni giçlik, daş işiginde atyşyk gyzýan mahaly, Neşe maddalaryna garşy göreş ministrliginiň binasynyň içinde penalaýan daşary ýurtlularyň milleti barada bada-bat bir tassyklama çykmady.

Emma ABŞ-nyň Neşe maddalaryna garşy göreş edarasy Owganystanyň Neşe maddalaryna garşy göreş ministrligi bilen işleşip, owgan jeňçilerini goldaýan esasy neşe gaçakçylaryny nyşana alýan derňewlere goldaw bermäge çalyşýar.

Kabulyň polisiýa akademiýasynyň golaýynda janyndan geçen bombaçynyň agşamara amala aşyran kast ediş hüjüminiň jogapkärçiligini «Talyban» öz üstüne aldy.

Bir sagat içindäki hüjümde Kabul aeroportynyň golaýynda we aeroportyň demirgazygyndaky ýaşaýyş etrabynda hem uly partlamalaryň bolandygy eşidildi. Emma bu ýerdäki pidalaryň jikme-jigi barada bada-bat habar berilmedi.

Üçünji we dördünji partlamalar koalisiýa bazalarynyň we owgan hökümet binalarynyň golaýynda boldy.

Aýallar, çagalar ýaralandy

Prezident Aşraf Ganiniň sözçüsi Zaýed Zafar Haşemi 7-nji awgustda ýaraly bolanlaryň arasynda 47 aýalyň, 30 çaganyň bardygyny aýtdy.

Kabul polisiýasynyň başlygy Rahman Rahimi Azatlyk radiosyna partladylan ýük maşynynyň «ýönekeý adamlar üçin urgy bolandygyny, adamlaryň jaýlaryny we biznesini weýran edendigini» aýtdy. Ol Goranmak ministrliginiň howly diwarynyň bölekleýin ýykylandygyny, emma hiç kime zeper ýetmändigini aýtdy.

Polisiýa ýük maşynlarynyň gündiz paýtagta girmegine rugsat bermeýär, olar diňe agşam sagat 9 bilen ir sagat 5 aralygynda girip bilýärler.

Azatlyk radiosynyň Owgan gullugynyň habarçysy Sahar Lewal irden wakanyň bolan ýerine baryp görüp, güýçli partlamanyň şüweleňli etraby tanap bolmaz derejede weýran edendigini aýtdy.

"Siýah Saň hususy jaýlardan we köp sanly dükandan ybarat, durmuş-ýaşaýyş möwç urýan bir ýerdi, emma bu gün irden ol ýer uzak ýyllar bäri hiç kimiň ýaşamaýan harabalygyna çalym edýärdi" diýip, habarçy aýtdy.

ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasy bu partlamany ýazgaryp, «gür ilatly ýerde guralan hüjüm adam ömrüne hiç hili hormat goýulmaýandygyny görkezdi» diýdi.

Ýük ulagynyň partladylmagy BMG-niň Owganystandaky konfliktde ýaralanýan ýa-da öldürilýän aýallaryň we çagalaryň sanynyň köpelýändigi barada 5-nji awgustda çap eden hasabatynyň yz ýanyna gabat geldi.

BMG-niň hasabatynda, şu ýylyň birinji ýarymynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, aýal pidalaryň sany 23 prosent, çaga pidalaryň sany bolsa 13 prosent ýokarlandy diýilýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annugurban.

XS
SM
MD
LG