Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bangladeş: Ýene bir blogçy öldürildi


Uzyn pyçak bilen ýaraglanan topar 7-nji awgustda Dakada bangladeşli blogçyny çapyp öldürdi. Bu şu ýyl Bangladeşde şuňa meňzeş ganhorlygyň dördünjisidir.

Polisiýa Niloý Çakrabartiniň güman edilýän yslamçy jeňçiler tarapyndan, öz kwartirasynda çapylyp öldürilendigini tassyk etdi.

Ol internetde Niloý Nil diýen edebi lakamy ulanýardy. «Al-Kaýdanyň» Bangladeşdäki şahasy bolan «Ansar al-Yslam» bu ganhorlygyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we şeýle işiň ýene kän ediljegini duýdurdy.

«Ansar al-Yslam» mart aýynda dünvewi blogçy Waşikur Rahmanyň öldürilmeginiň jogapkärçiligini hem öz üstüne alypdy.

Bangladeşdäki dünewi blogçylaryň köpüsi soňky aýlarda gizlenip ýaşaýar we köplenç lakam ulanýar. Azyndan ýedi blogçy bolsa ýurtdan gaçdy.

XS
SM
MD
LG