Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede 5 adam öldürildi


Günorta-gündogar Türkiýede, türk esgerleri bilen kürt jeňçileriniň arasynda 7-nji awgustda bolan çaknyşyklarda azyndan 5 adam öldürildi.

Silopide, Türkiýäniň Yrak we Siriýa bilen serhediniň golaýynda, polisiýa reýdleri netijesinde dörän çakynyşyklarda 3 adam ölüp, birnäçe adam ýaraly boldy.

Şu arada Agri welaýatynda, Türkiýäniň Eýran bilen serhediniň golaýynda turan atyşykda bir türk esgeri we Eýranyň awtobus kompaniýasynyň işgäri öldürildi, üç eýranly bolsa ýaralandy.

Soňky iki hepdede, türk howpsuzlyk güýçleri bilen kürt jeňçileriniň arasynda turan gowgalarda azyndan 30 adam öldürildi.

XS
SM
MD
LG