Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus ofiseri Azatlygyň wideosyny öçürýär


Orsýetiň 109-njy garnizonynyň ofiserleri Duşenbedäki sudda Azatlygyň Täjik gullugynyň habarçylarynyň düşüren wideoýazgylarynyň käbir bölegini öçürip aýyrdylar.

Habarçylar Abdulla Aşurow bilen Amiriddin Olim täjik taksistini öldürmekde güman edilýän iki rus esgeriniň sud diňlenişigini ýazga düşürdi.

Olar 4-nji awgustda başlanan suddan bäş minutlyk ýazgy etmek üçin başlyklyk ediji rus sudýasy Dmitriý Norwindden rugsat aldy.

Emma sud soňa goýlandan soň, žurnalistler özüni polkownik Perepelitsa diýip tanadan rus harbysy tarapyndan saklanyldy we olaryň enjamlary konfiskasiýa edilip, bir sagat saklanyp, yzyna berildi.

Habarçylar öz düşüren wideolarynyň bir böleginiň öçürilendigini, Perepelitsanyň özlerine kemsidiji sözleri aýdandygyny we Azatlyk radiosyny «Orsýete garşy amerikan propaganda guraly» diýip häsiýetlendirendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG