Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD Mosulda 2070 yraklyny öldürdi


Resmileriň 7-nji awgustda ýaýradan maglumatyna görä, «Yslam döwleti» jeňçi topary 2014-nji ýylyň iýunynda Yragyň demirgazyk şäheri Mosuly ele geçireli bäri onuň töwereginde 2 müňden gowrak adamy jezalandyryp öldürdi.

«Olar Nineweh ýaşaýjylarynyň 2 müň 70-isini hyzmatdaşlyk etmändikleri üçin öldürdiler» diýip, Yragyň goranmak ministri Haled al-Obeýdi ministrligiň websaýtynda ýerleşdirilen wideoda aýtdy.

Parlament spikeri Salim al-Jabouri bu köpçülikleýin gyrgyny «genosidiň taryhy jenaýaty» diýip atlandyrdy.

Mosul ýaşaýjylarynyň birnäçesiniň aýtmagyna görä, jezalandyrylyp öldürilen 2070 adamyň atlary jeňçi topar tarapyndan toplanyp, saglyk ministrliginiň ýerli binasynyň diwarlaryna ýelmenip, ile görkezilipdir.

XS
SM
MD
LG