Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Müňlerçe yrakly 7-nji awgustda, tomsuň jöwzasynda, merkezi Bagdatda we beýleki şäherlerde elektrik üpjünçiliginiň we beýleki hyzmatlaryň ýaramazlygy, hökümet korrupsiýasy sebäpli ullakan protest aksiýasyny gurnady.

Bu Yrak boýunça, ýurduň ilkinji protest hereketiniň başlangyjy hökmünde, anna güni geçirilýän ikinji protestdir.

Demonstrasiýaçylar häkimiýetleri 50 gradusdan geçýän yssyda elektrik togunyň hroniki ýetmezçiligini aradan aýyrmaga çagyrdylar.

Bagdatdaky protestleri gurnaýjy Nabil Jassim öz talaplarynyň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmakdan we korrupsiýa garşy göreşiň täze usullaryny tapmakdan ybaratdygyny aýtdy.

Ol Abadini energiýa meselesini göni öz jogapkärçiligine almaga, dünýäniň iň bir nebite baý ýurtlarynyň birinde adamlary toksuz kösemezlige çagyrdy.

XS
SM
MD
LG