Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we türk prezidentleri duşuşdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde türk kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy, hususan-da energiýa pudagyndaky hyzmatdşlygy ilerletmek barada maslahat etdi.

Türkmen metbugaty 7-nji awgustdaky duşuşygyň Stambuldaky «Tarabýa» köşgünde bolandygyny ýazýar.

Türk metbugaty iki lideriň özara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek barada geçiren gepleşiklerine Türkiýäniň bilim ministri Nabi Awçiniň, maşgala we sosial syýasat ministri Aýşenur Islamyň hem gatnaşandygyny habar berýär.

Şeýle-de türk metbugaty Türkiýäniň Türkmenistana, ýurduň energiýa mätäçlikleri sebäpli, aýgytlaýjy ýurtlaryň biri hökmünde seredýändigini belleýär.

Türkmenistan bilen Türkiýe geçen noýabrda çarçuwalaýyn ylalaşyga gol çekdi. Aşgabat bu şertnama astynda TANAP atlandyrylýan täze gaz proýektini gaz bilen üpjün etmäge gatnaşar.

Bu geçirijiniň türkmen gazyny Türkiýäniň üstünden Ýewropa aşyrmagyny garaşylýar.

Mundan başga, Türkmenistanyň «Türkmengaz» kompaniýasy bilen Türkiýäniň hususy «Atagaz» kompaniýasynyň arasynda hem, türkmen gazyny almak we satmak boýunça şertnama baglaşyldy.

Türkmen prezidenti 7-nji awgustda Stambuldan Aşgabada dolandy.

XS
SM
MD
LG