Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmensähraly ýazyjylar gatnaşyk isleýär


Eýranly türkmenler Magtymgulyny ýatlaýar, 15-nji maý, 2015 ý.

Eýranly türkmenler Magtymgulyny ýatlaýar, 15-nji maý, 2015 ý.

Eýranda ýaşaýan etniki türkmenler edebiýatda Magtymgulydan ylham alýandyklaryny aýratyn nygtaýarlar.

Olar şeýle ylham bilen Türkmensährada ýaşaýan türkmenleriň ýazyjy-şahyrlary "Miras" atly edebiýat we sungat jemgyýetini döredip, bu ugurda ençeme ýyl bäri işjeňlik görkezýärler.

Eýse, Türkmensährada ýaşaýan ýazyjy-şahyrlar dünýä türkmenleri bilen nähili aragatnaşyk saklaýarlar we olaryň bu ugurda islegleri näme?

Şeýle-de, Türkmensähra türkmenleriniň "Miras" edebiýat hem sungat jemgyýetiniň göz öňünde tutýan maksatlary näme we olara ýetmek üçin nähili sepgitlere ýetildi? "Miras" jemgyýetiniň zenan agzalarynyň işjeňligi jemgyýete nähili täsir ýetirýär?

“Dünýä türkmeleri” gepleşigimiziň nobatdaky sanynda şu soraglara jogap agtaryldy. Ony diňläp, söhbete goşulmaga çagyrýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG