Sepleriň elýeterliligi

Yragyň premýeri reforma teklip edýär


Yragyň premýer-ministri soňky hepdelerdäki köpçülikleýin protestlere jogap hökmünde gerimli hökümet reformalaryny teklip etdi.

Premýer-ministr Haýdar al-Abadi 9-njy awgustda feýsbukda, korrupsiýa garşy göreşmek we çykdajylary azaltmak üçin wise- prezidentleriň we premýer-ministriň orunbasarlarynyň wezipelerini ýatyrmaga çagyrdy.

Yrakda üç wise-prezident, üç sany hem premýer-ministriň orunbasary bar. Abadiniň syýasy bäsdeşi, ozalky premýer-ministr Nuri al-Maliki hem häzir Yragyň bir wise-prezidenti.

Premýer-ministriň energiýa meseleleri boýunça orunbasary Bahaa al-Araji şu aýyň başynda Mälikiniň hökümetini 2004-2014-nji ýyllar aralygynda 1 trillion dollar möçberindäki nebit girdejisini we halkara kömegini ýitirmekde aýyplady.

XS
SM
MD
LG