Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nagasaki: Bomba pidalary ýatlanýar


Nagasakide Ýaponiýanyň günorta şäherine atom bombasynyň taşlanmagynyň 70 ýyllygyna gabat ýatlama çäreleri geçirildi.

Aman galanlar, halkara myhmanlary we beýlekiler 9-njy awgustda ýyllyk ýatlama dabarasyna toplandylar.

Olar, adat boýunça, irden 11.02-de, Birleşen Ştatlaryň atom bombasyny taşlan wagtynda birsellem dymyşlyk edýärler.

Şonda 70 müňden gowrak adam ölüp, Ýaponiýa Ikinji Jahan urşunda ýeňlendigini boýun alypdy. Şondan üç gün öň Hiroşimo şäherine taşlanan ilkinji atom bombasy 140 müň adamy öldüripdi.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe ýatlama dabarasynda çykyş edip, şeýle diýdi:

«Dünýäniň uruş döwründe atom bombasynyň elhençiliklerini başdan geçiren ýeke-täk ýurdy hökmünde, şeýle-de özümiziň ýadro ýaraglaryndan saplyk babatdaky üç ýörelgämize laýyklykda, men özümiziň dünýäni ýadro ýaraglaryndan azat ýere öwürmek baradaky tagallalaryň öňüni çekmek wadalarymyzy ýene bir gezek dile getirýärin.»

XS
SM
MD
LG