Sepleriň elýeterliligi

Azeri žurnalisti ýaralaryndan öldi


Ýerli futbolçynyň janköýerleri tarapyndan hüjüm edilip, urlup-ýenjilendigi aýdylýan azeri žurnalisti bedenine salnan ýaralardan wepat boldy.

Žurnalist Rasim Aliýew 9-njy awgustda, Bakuwdaky hassahanada jan berdi. Garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, ol bir gün ozal ýenjilipdir.

Aliýewiň garyndaşlary bu hüjümiň futbolçy Jawid Huseýnowyň goldawçylary tarapyndan, ar almak üçin amala aşyrylandygyna ynanýarlar, sebäbi Aliýew öz feýsbuk sahypasynda Huseýinowy tankyt edipdir.

Huseýnow bu habara reaksiýa bildirmedi.

Hukuk hereketleri boýunça halkara sporty bu hüjümi ýazgarýan beýanat çap edip, häkimiýetleri Aliýewiň öldürilmegini açyk we doly derňemäge çagyrdy.

Aliýew ozal Azerbaýjanyň žurnalistleriň azatlygy we howpsuzlygy institutynda işläpdi.

XS
SM
MD
LG