Sepleriň elýeterliligi

Arbeki milisiýasynyň 22 agzasy öldürildi


Owgan polisiýasy demirgazyk Owganystanyň Gunduz welaýatynda 8-nji awgustda hökümete tarapdar milisiýanyň azyndan 22 agzasynyň öldürilendigini aýdýar.

Janyndan geçen talyban bombaçysy partlaýjy goýlan maşynyny olaryň içine sürüp, şol ýerde hem partladypdyr.

Gunduz polisiýasynyň sözçüsi Sarwar Hussaýni bu hüjümiň Hanabat etrabynda, Arbaki atly milisiýanyň ýygnanyşan wagtynda, 8-nji awgust güni giçlik bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG