Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Tähranyň ýadro programmasyny jylawlamak boýunça gelnen ylalaşyk netijesinde, Eýran bilen konstruktiw gatnaşyk gurmak mümkin diýdi.

Emma ol bu hili gatnaşyk birden, gysga wagtda gurlar diýip pikir etmeýär. Obama 9-njy awgustda CNN-de efire berlen söhbetdeşliginde ilki «ýadro problemasynyň» çözülmelidigini aýtdy.

Ol Eýran bilen dünýä döwletleriniň arasynda Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmegiň ýerine bu ýurda girizilen sanksiýalary ýatyrmak barada gelnen ylalaşyk bu maksada ýetmegiň «islendik başga alternatiwasyndan» gowy ýoly diýdi.

Emma muňa garamazdan, respublikan kanunçykaryjylaryň bir topary, şol sanda käbir demokratlar bu şertnama garşy durýarlar.

XS
SM
MD
LG