Sepleriň elýeterliligi

Gunduzda 22 söweşiji wepat boldy


Gunduz, Arbeki polisiýasynyň agzalary

Gunduz, Arbeki polisiýasynyň agzalary

Owgan polisiýasy demirgazyk Owganystanyň Gunduz welaýatynda 8-nji awgustda hökümete tarapdar milisiýanyň azyndan 22 agzasynyň öldürilendigini aýdýar.

Janyndan geçen «talyban» bombaçysy partlaýjy goýlan maşynyny olaryň içine sürüp, şol ýerde hem partladypdyr.

Gunduz polisiýasynyň sözçüsi Sarwar Hussaýni bu hüjümiň Hanabat etrabynda, Arbeki atly milisiýanyň ýygnanyşan wagtynda, 8-nji awgust güni giçlik bolandygyny aýtdy.

Ol öldürilenleriň şu ýylyň başynda «talyban» we «Yslam döwleti» jeňçi toparyna kasam kabul eden merkezi aziýaly ekstremistler tarapyndan başlanan hüjüme garşy söweşýän hökümetçi milisiýanyň agzalary diýip hasaplanýandygyny aýtdy.

Bu hüjüm Kabulda azyndan 51 adamy, şol sanda asuda ilatdan 15 adamy, owgan polisiýasynyň 27 sany ýaş agzasyny, Kabul aeportunyň golaýynda şertnama esasynda işleýän 8 adamy, bir NATO esgerini öldüren partlama tolkunynyň yz ýanyna gabat geldi.

7-nji awgust, Kabulda aýry-aýrylykda bolan üç bomba hüjümi halkara söweş güýçleriniň aglaba bölegi 2015-nji ýylda ýurtdan çykarylaly bäri in gandöküşikli gün hökmünde taryha girdi.

Ak tam milli howpsuzlyk geňeşçisi Sýuzan Raýsyň Waşingtondan owgan prezidenti Aşraf Ganä telefon edip, Birleşen Ştatlaryň gynanjanyny bildirendigini aýtdy.

Bu «Talybanyň» lideri Molla Mohammad Omaryň ölümi iýul aýynyň aýagynda tassyk bolaly bäri amala aşyrylan ilkinji uly hüjüm boldy.

Degişlilikde aram hasaplanýan Molla Ahtar Mansur täze lider edilip belleninden soň, «Talybanyň» ýolbaşçylarynyň arasynda agzalalyk döredi.

Ozal owgan hökümeti bilen göni parahatçylyk gepleşiklerine göwünjeň görnen Molla Mansur şondan soň pitneçiligi dowam etdirmegiň tarapdary boldy.

Howpsuzlyk ekspertleriniň pikirine görä, 7-nji awgustda owgan paýtagtynyň merkezinde guralan hüjümler Molla Mansuryň täze lider hökmünde Molla Omaryň oglunyň tarapyny tutýan «talyban» fraksiýalarynyň arasynda abraý gazanmak we öz ýolbaşçylygy esasynda dörän içki agzalalykdan ünsi başga ýana sowmak synanyşygy bilen bagly.

Howpsuzlyk analisti Abdul Hadi Haled şeýle diýýär: "Hüjümleriň täze tapgyry «Talybanyň» täze ýolbaşçylarynyň bir taktikasy bolup, olaryň işe ukyplydygyny, kuwwatlydygyny, işleýändiklerini görkezmegi niýet edinýär.”

Halediň aýtmagyna görä, "Molla Omaryň ölümi bu hereketi iki böldi we onuň ýerlerdäki söweşijileriniň badyny gaçyrdy. Kabula tapgyrlaýyn we güýçli bomba hüjümi bilen zarba urmak olaryň güýç-kuwwatyny görkezmegiň bir ýoly.»

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG