Sepleriň elýeterliligi

Özbek konsertinde köp adam ölendir öýdülýär


Özbegistanyň günbataryndaky Urgenç şäherinde, konsert mahaly çöken köpriler sebäpli köp adam ölendir öýdülýär.

Bu hadysa 8-nji awgustda, meşhur ýerli aýdymçy Nowruz Sobirowyň Urgenjiň şäher parkynda guralan konserti mahalynda boldy.

Bu park emeli köller we olary birleşdirýän köprüler bilen gurşalandy. Awtoritar ýurduň häkimiýetleri Azatlygyň Özbek gullugynyň habar beren wakasynyň bolandygyny boýun almaýarlar.

Şaýatlar Azatlyga pidalaryň köpüsiniň çagalar bolandygyny, sebäbi olaryň köprülere münüp, bagşy diňländigini aýtdylar.

Tassyklanmadyk maglumatlara görä, bu hadysada 16 çemesi adam ölüpdir. Gözleg-agtaryş işleriniň dowam edýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG