Sepleriň elýeterliligi

logo-print

"Türkmen" obasynda ýaşan ussat


Warlam Şalamow

Warlam Şalamow

Warlam Şalamow 1954 we 1973-nji ýyllar aralygynda rus türmeleri, tranzit lagerleri, Kolymadaky şahtalar, türme hassahanalaryndaky durmuş, öýe dolanyp gelnenden soňky kösençlikler barada 147 hekaýa ýazypdyr.

Geljekki ussat ýazyjy Warlam Tihonowiç Şalamow (1907 – 1982) sowet režiminiň ilkinji şarpygyny okuwdan çykarylanda, ýagny ruhany maşgalasynda doglandygyny ýaşyrandygy üçin temmi berlende dadýar. Emma onuň sowet režiminden alan iň uly tejribesi türme sapaklary bolýar.

Warlam Şalamow 1962-nji ýylda A.I.Solženisyna ýazan hatynda "lageriň ilkinji gününden soňuna çenli terslik mekdebidigini" ýatladyp, ony ne naçalnigiň, ne tussagyň görmelidigini aýdypdy. "Ýöne sen ony göreňsoň, her neneňsi aýylganç hem bolsa, ähli hakykaty aýtmak gerek... Özüm babatda aýdylanda, men eýýäm öz galan ömrümi şu hakykaty aýtmaga bagyşlamak kararyna geldim."

Warlam Şalamow ilkinji gezek 1929-njy ýylyň 19-njy fewralynda, gizlin trostkiçiler toparyna goşulmakda we "Leniniň wesýetnamasyna" goşmaçalary ýaýratmakda aýyplanyp tussag edilýär. Ony sudsuz-beýlekisiz, "sosial taýdan howply element" hökmünde, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edýärler. Ol bu tussaglyk möhletini Wişer lagerinde (demirgazyk Uralda) geçirýär we 1932-nji ýylda Moskwa gelip, wedomstwo žurnallarynda işleýär, makala, oçerk, feleton ýazýar.

Emma ol 1937-nji ýylyň ýanwarynda ýene tussag edilýär. Bu gezek ony 'kontrrewolýusion troskiçilik işlerinde" günäläp, bäş ýyl tussaglyga höküm edýärler. Ol bu türme möhletini Kolymada geçirýär we agyr türme şertleri zerarly ençeme gezek hassahana düşüp, şeýle netijä gelýär:

"Maňa ilkinji türme minutlaryndan düşnükli boldy, tussag etmelerde hiç hili ýalňyşlyk ýok, tutuş bir "sosial" gatlagy - rus taryhynyň soňky ýyllaryndaky ýatlamasyz zatlary ýatda saklaýan adamlary planlaşdyrylan ýagdaýda ýok edýärler."

Warlam Şalamow 1943-nji ýylyň 22-nji iýunynda on ýyl türme tussaglygyna höküm edilýär, bu gezek ony "antisowet agitasiýada" günäli tapýarlar.

Ol 1951-nji ýylda türmeden boşadylýar, emma edebi işine dolansa-da, Kolymadan çykyp bilmeýär. Onuň Moskwa barmagyna diňe 1953-nji ýylyň noýabrynda rugsat berilýär.

Şalamow Moskwa iki günlük gelýär we B.L.Pasternak bilen duşuşýar. Emma oňa uly şäherlerde ýaşamak bolmaýardy. Netijede ol Kalinin oblastynyň "Türkmen" posýologyna gidip (häzir Moskwa oblastynyň Klin raýony), torf çykarylýan ýerde ussa, üpjünçilik agenti bolup işleýär.

Moskwa, Warlam Şalamow memorial tagtasy.

Moskwa, Warlam Şalamow memorial tagtasy.

Ol şu ýyllaryň dowamynda öz esasy işleriniň biri bolan "Kolyma hekaýalarynyň" üstünde işleýär. Ýazyjy Kolyma hekaýalaryny 1954-nji ýyldan 1973-nji ýyla çenli aralykda ýazýar. Olar 1978-nji ýylda Londonda aýratyn kitap görnüşinde çap edilýär. Emma olar SSSR-de esasan 1988-1990-njy ýyllarda çap edilýär.

1985-nji ýyldan soň, Gorbaçýowyň üýtedip gurmak we aç-açanlyk syýasaty ýol alyp, ozal sowet režimi tarapyndan gadaganlykda saklanan ýazyjylara we eserlere "döwran" dönüp başlanda, türkmen terjimeçileriniň käbiri Warlam Şalamowyň türme hakykatyny açýan hekaýalaryny, goşgularyny türkmen diline geçirmegi arzuwlapdy. Olaryň bu arzuwy näderejede başa bardy, muny aýdyp biljek däl. Emma Warlam Şalamowyň "Kolyma hekaýalaryndan" biriniň rusçadan terjimesini, "hiçden giç ýagşy" edip, Azatlygyň okyjylaryna hödürläp bilýänime begenýärin.

Gijeki iş

Agşam nahary tamam boldy. Glebow tabagyny howlukman ýalady, stoluň üstündäki çörek owuntyklaryny emaýlyk bilen çep aýasyna syrdy we agzyna eltip, seresapja, ýeke-ekeden ýalap aldy. Ol ýuwutman, agyz sülekeýiniň kinniwanja çörek owuntyklaryny açgözlük we hamraklyk bilen dolap alşyny duýdy. Glebow munuň tagamly bolup-bolmandygyny aýdyp biljek däldi. Tagam – azygyň berýän üýtgeşik hyjuwly, özboluşly duýgusy bilen deňeşdirilende, juda ýuka gelýärdi. Glebow ýuwutmaga howlukmady: çöregiň özi onuň agzynda taýýardy, özem şeýle çalt taýýardy.

Gyşaryp ýatan Bagresow Glebowyň agzyna açlykdan ýanyp duran gözlerini aýryp bilmän seredýärdi, sebäbi bu ýerde başga biriniň agyz boşlugynda ýitirim bolýan azykdan göz gaçalaklatmaga kömek etjek güýçli erk hiç kimde ýokdy. Glebow agzyndakyny ýuwutdam welin, Bagrewsew gözlerini gözýetime – asmanda süýşüp barýan ullakan mämişi aýa gönükdirdi.

– Wagt boldy – diýip, Bagresow aýtdy.

Olar ýuwaşjadan, pişik basyşyny edip, ümsümlik bilen ýola düşdiler we kiçiräk depä dyrmaşyp, baýryň üstüne çykdylar; günüň ýaşanyna kän wagt geçmedigem bolsa, gündizine ýalaňaç aýaga geýlen galoşlaryň aşagyny gyzdyran daşlar häzir birneme sowapdy. Glebow güpbüsiniň iliklerini ildirdi. Sebäbi ol ýöräni bilen gyzynmaýardy.

– Entek daşmy? – Ol pyşyrdap sorady.

– Daş. – Bagresow ýuwaşja seslendi.

Olar dynç almak üçin oturdylar. Gürrüň edere zat ýokdy, oýlanara hem zat ýokdy – hemme zat düşnüklidi we ýönekeýdi. Açyk meýdanda, baýryň aňry çetinde bir ýere üýşürilen daş tümmekleri, goparylan, guran ot-çöpler bardy.

– Muny meniň ýeke özümem edip bilerdim, – Bagresow gülümsiredi, – ýöne iki bolsaň şüweleňliräk bolýar. Onsoň garry şepäň üçinem...

Olary geçen ýyl bir gämide getiripdiler. Bagresow sakga durdy.

– Aşak ýatmaly, görerler.

Olar aşak ýatdylar we daşlary bir gyra aýyrmaga başladylar. Iki bolup göterip aýyrmaly daşlar ýokdy, sebäbi olary irden bu ýere üýşüren adamlar Glebowdan güýçli däldi.

Bagresow ýuwaşjadan sögündi. Onuň barmagy sypjyrlypdy, özem ganaýardy. Ol ýarasyna gum sepdi, pagtaly güpbüsinden bir übtük pamyk sogrup, ganaýan ýere basdy, emma gan durmady.

– Erbet goýulaşma, – Glebow parhsyz dillendi.

– Sen näme, wraçmy? – Bagresow ganyny sorup sorady.

Glebow sesini çykarmady. Onuň wraç bolan wagty mundan gaty kän öň bolan ýaly göründi. Aslynda beýle wagt boldumyka beri? Ol dünýä oňa köplenç dag-deňizleriň aňrysynda, düýşde, hyýalda bolan toslama ýaly bolup görünýärdi. Irden agşama çenli her bir minut, her sagat, tutuş gün realdy, şondan aňryk ol hiç zadyň pikirini etmeýärdi we muňa ysgyny hem galmaýardy. Hemme kişem şeýledi.

Ol öz töweregindäki adamlaryň geçmişini bilmeýärdi, olar bilen gyzyklanmaýardy. Şol bir wagtda, eger Bagresow ertir özüniň filosofiýadan doktordygyny ýa-da awiasiýa boýunça marşaldygyny aýtsa, ol muňa ikirjiňlemän ynanjakdy. Ol haçandyr bir wagt wraç bolupmydy? Diňe oýlanmak, netije çykarmak awtomatizmi däl, eýsem gözegçilik, syn etmek awtomatizmi hem ýitirilipdi.

Glebow Bagresowyň kirli barmagynyň ganyny soruşyny gördi, emma hiç bir zat aýtmady. Bu diňe onuň aňyna gelip-geçdi, emma oňa jogap bermäge erk-ygtyýar tapmagy başarmady we gözlemedem. Onda saklanyp galan aň eýýäm adam aňy däldi, juda ýöntemdi hem diňe bir zada – çaltrak daşlary aýyrmaga gönügipdi.

– Çuň bolaýmasa, şeýlemikä? – Glebow dynç almak üçin gyşaranlarynda sorady.

– O nädip çuň bolup bilsin? – diýip, Bagresow soraga sorag bilen jogap berdi. Glebow bolgusyz sorag berendigini, hakykatdanam çukuryň çuň bolup bilmejegini akylynda aýlady.

– Aha, ýetdik – diýip, Bagresow dillendi.

Ol adam barmagyny elläp gördi. Ullakan barmak daşlaryň içinden somalyp durdy, ol aýyň nuruna gowy görünýärdi. Ol barmak Glebowyň ýa-da Bagresowyň barmaklaryna çalymdaşdy, emma jansyzdy, gataňsydy, ýöne şol bir wagtda olaryň arasyndaky tapawut azdy. Öli barmagyň dyrnaklary alnandy, onuň özi Glebowyň barmaklaryna garanda dolmuşdy we ýumşagrakdy. Olar jesediň üstüne atylan daşlary çaltlyk bilen aýryşdyrdylar.

– Diýseň ýaş eken – diýip, Bagresow aýtdy. Olar iki bolup, jesedi aýagyndan çekip, zordan çykardylar.

– Irimçikdigini – diýip, Glebow haşlap aýtdy.

– Eger ol şeýle irimçik bolmasa, ony hem bizi jaýlaýyşlary ýaly gömerdiler we bize bu gün bu ýere gelmek gerek bolmazdy – diýip, Bagresow aýtdy.

Olar merhumyň ellerini göneldip, köýnegini çykardylar.

– Içki balagy täzeje diýen ýaly eken – diýip, Bagresow kanagatlanmak bilen aýtdy.

Balagy hem sypyryp aldylar. Glebow eşikleri güpbüsiniň aşagynda ýygşyrdy.

– Özüň geýäýmeli ekeniň-dä – diýip, Bagresow dillendi.

– Ýok, islämok – diýip, Glebow hümürdedi.

Olar jesedi ýene mazaryna saldylar we üstüni daş bilen örtdüler.

Ýokaryk galan aýyň gök nury daşlara, taýganyň seýrek tokaýlaryna düşüp, her bir baýry, her bir agajy aýyl-saýyl edip, gündizkiden başga görnüşde görkezýärdi. Hemme zat özüçe hakyky ýaly görünýärdi, emma gündizki ýaly däldi. Bu dünýäniň ikinji, gijeki keşbi ýalydy.

Merhumyň eşikleri Glebowyň goltugynyň aşagynda ýylady we eýýäm ýat duýulmaýardy.

– Çilim çeksedim – diýip, Glebow hyýal ýüwürtdi.

– Ertir çekersiň.

Bagresow ýylgyrdy. Ertir olar merhumyň eşiklerini satarlar, çörege çalşarlar, belki-de biraz temmäkä hem ýeter...

1954.

Warlam Şalamowyň "Kolyma hekaýalary" ýygyndysyndan terjime edildi.

XS
SM
MD
LG