Sepleriň elýeterliligi

"Microsoft translator" indi "Android" we "iOS-da"


"Microsoft translator" indi "Android" we "iOS-da"

"Microsoft translator" indi "Android" we "iOS-da"

"Microsoft" kompaniýasy "Windows Phone-daky" programmalaryny ýuwaş-ýuwaşdan iOS we Android platformalaryna hem geçirip başlady.

Häzir bu kompaniýa "Google translator-yň" bäsdeşi "Microsoft translator" terjime programmasyny iOS we Android platformaly smartfonlar we "akylly sagatlar" üçin hödürleýär. "Microsoft" kompaniýasy bu programma arkaly gündelik durmuşda we syýahat edilende dil päsgelçiligini aradan aýyrmagy maksat edýändigini aýdýar.

Bu programma, esasanda, "Apple Watch" we "Android Wear-de" örän sada we täsirli görnüşde ýola goýlandyr.

Şeýle-de bu programma arkaly 50 diliň arasynda terjime edip bolýar.

"Microsoft translator-da" mikrofon bilen sesli görnüşinde hem-de ýazuw üsti bilen terjime edip bilersiňiz. Şeýle-de, terjime edilen sözüň nähili aýdylyşyny bu programma siziň üçin sesli görnüşinde beýan edýär.

Şol bir wagtda bu programmada terjime edilen sözleri gelejekde ulanmak üçin öz telefonyňyzda saklap ýa-da beýleki programmalara geçirip bilersiňiz.

"Microsoft" kompaniýasynyň bu programmasyndan internete baglanyp peýdalanyp bolýar.

https://itunes.apple.com/us/app/microsoft-translator/id1018949559?ign-mpt=uo%3D8

https://play.google.com/store/apps/details?id=com.microsoft.translator&hl=en

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG