Sepleriň elýeterliligi

Berlin: Futbol klubunyň awtobusy oka tutuldy


Germaniýada Hertha Berlin futbol kluby Germaniýanyň kubogy boýunça Bielefeldde geçiriljek oýunlaryň öňýanynda 9-njy awgustda öz awtobusynyň oka tutulandygyny aýdýar.

Bundesliganyň klubynyň maglumatyna görä, hadysanyň bolan wagtynda awtobusda hiç kim bolmandyr we hiç kim ejir çekmändir.

Herthanyň baş dolandyryjysy Mihael Preetz ýolda bir motosikliň awtobusyň deňinden geçende, onuň sürüjisiniň pistoletden ok atandygyny, emma okuň awtobusyň öň aýnasyndan geçmändigini gürrüň berdi.

Bu hüjümiň sebäpkäri gözlenýär.

XS
SM
MD
LG