Sepleriň elýeterliligi

Türk polisiýasyna bombaly hüjüm edildi


Türkiýede ýolda goýlan bomba partlamasynda dört polisiýa ofiseri wepat boldy.

Türk mediasynyň howpsuzlyk resmilerine salgylanyp 10-njy awgustda habar bermegine görä, partlama polisiýanyň soňky günlerde kürt söweşijilerine garşy söweş alyp barýan Silopi şäherinde 10-njy awgustda bolupdyr.

Hüjümde ýene bir ofiser agyr ýaralanypdyr.

Silopiniň golaýynda ýüze çyklan ýene bir hadysada kürt söweşijileriniň harby dikuçaryny oka tutmagynyň netijesinde bir türk esgeri öldürildi we ýedisi ýaralandy.

Ýene bir hüjümde iki hüjümçi ABŞ-nyň Stambuldaky konsulhanasyny oka tutdy. Hüjümçileriň biri zenan maşgala polisiýa tarapyndan ýaralandy we yzýany tussag edildi.

Stambuldaky hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady.

XS
SM
MD
LG