Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz serhetçisi ýaralandy


Gyrgyz-täjik serhediniň golaýynda Gyrgyzystanyň serhetçisi ýaralandy.

Gyrgyzystanyň Serhet gullugynyň 10-njy awgustda aýtmagyna görä, hadysa 8-nji awgustda günorta Batken regionynda gyrgyz serhetçileri 15 täjigistanlynyň serhetden bikanun geçmeginiň öňüni almakçy bolanda ýüze çykypdyr.

Bir täjigistanly tussag edilipdir, beýlekileri gaçyp gutulypdyr. Olardan biriniň Täjigistanyň territoriýasyndan ok atyp, gyrgyz serhetçisini ýaralandygy güman edilýär.

Bu waka Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň resmileriniň serhet ýakasyndaky dartgynlylygy gowşatmagyň ýollaryny maslahat edýän wagtyna gabat geldi.
3-nji awgustda iki ýurduň raýatlarynyň arasynda dawaly ýoluň we suwuň üstünde dörän çaknyşyk zerarly alty adam ýaralanypdy.

Gyrgyzystanyň Täjigistan we Özbegistan bilen aralaryndaky serhetleriniň käbir dawaly böleklerinde 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri dartgynlylyk dowam edýär.

XS
SM
MD
LG