Sepleriň elýeterliligi

Baku: Žurnalistiň ölümine 'sebäpkärler' tutuldy


Žurnalist Rasim Aliýew

Žurnalist Rasim Aliýew

Azerbaýjanyň polisiýasy keselhanada ýogalan žurnalisti urup-ýençmekde güman edilýän birnäçe adamy tussag etdi.

Ýurduň media serişdeleriniň Bakunyň polisiýasyndaky çeşmelere salgylanyp, 10-njy awgustda habar bermegine görä, tussag edilenleriň biri Kabala FK futbol klubunyň ady belli oýunçylarynyň biri Jawid Huseýnowyň doganoglany Elsan Ismaýilow.

30 ýaşly žurnalist Rasim Aliýew urlup-ýenjilmeginiň ertesi 9-njy awgustda Bakunyň keselhanasynda ýogaldy.

Aliýew özüne Huseýnowyň tarapdarlarynyň hüjüm edendigini we muňa Facebookdaky sahypasynda Huseýnowyň adyna tankydy maglumat çap etmeginiň yzýany bolandygyny keselhanada aýtdy.

10-njy awgustda Kabala FK kluby derňewler geçirilip gutarýança Huseýnowyň çetleşdirilendigini aýtdy. Huseýnow özüniň bu hüjüme gatnaşygyny ret edip, 9-njy awgustda beýannama ýaýratdy.

XS
SM
MD
LG