Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" partlamany öz üstüne aldy


Kabulyň halkara aeropotunda bomba partlamasynyň bolan ýeri, 10-njy awgust, 2015
Kabulyň halkara aeropotunda bomba partlamasynyň bolan ýeri, 10-njy awgust, 2015

“Talybanyň” metbugat-wekili Kabulyň aeroportunyň girelgesiniň daşynda barlag-geçiş nokadynda bolan güýçli bomba partlamasynyň jogapkärçiligini guramanyň üstüne aldy.

Häkimiýetler 10-njy awgustda janyndan geçen ulagly hüjümçiniň azyndan bäş adamyň heläk bolmagyna we 16 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolandygyny aýtdylar.

Bu ýerde hem raýatlaryň, hem-de howpsuzlyk güýçleriniň wekilleriniň arasynda adam pidalarynyň bolandygy Içeri işler ministrliginiň resmisine salgylanylyp, habar berildi.

“Talybanyň” metbugat-wekili Zabihullah Mujahid hüjümiň iki ulagda barýan basypalyjylary nyşana alandygyny we şol ulagdaky adamlaryň ählisiniň daşary ýurtlylar bolandygyny aýtdy. Mujahid ölenleriň arasynda oganlaryň bolandygyny ret etdi.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi hüjümi “aýylganç”, diýip atlandyrdy we onuň “ynsan gymmatlyklaryna ters gelýändigini” aýtdy.
Bu hüjümiň öňüsyrasynda Kabulda janyndan geçen hüjümçiler tarapyndan ençeme partlamalar boldy, onlarça adam öldi we ýüzlerçesi ýaralandy.

XS
SM
MD
LG