Sepleriň elýeterliligi

Tagtabazar: "Toý-tomaşa gadagan edildi"


Mary welaýatynda prezident G.Berdimuhamedowyň portretini arassalaýan zenan.

Mary welaýatynda prezident G.Berdimuhamedowyň portretini arassalaýan zenan.

Şu aýyň 11-ne prezident Berdimuhamedowyň Tagtabazar etrabyna gelmegine garaşylýar. Bu habar resmi çeşmeler tarapyndan häzire çenli halk köpçüligine aýan edilmese-de, etrapda uly aladanyň bardygyny, resmi çärä taýýarlygyň barýandygyny görkezýän işler indi ençeme günden bäri göze ilýär.

Tagtabazaryň ençeme ýyllardan bäri oňarylmadyk awtomobil ýollary oňarylýar, býujet edaralarynyň işgärleri ýowara çykarylýar, köçeleriň gyralary haşal otlardan arassalanýar, şeýle-de könelip giden elektrik sim agaçlary aýrylyp, deregine täzeleri dikilýär.

Aýdylmagyna görä, prezidentiň sapary etrabyň günortasynda gurulýan täze serhet galasynyň açylyşy bilen bagly, açylyş üçin welaýatyň beýleki ýerlerinden tans toparlary we aýdymçylary çagyrylypdyr. Olar häzirki wagtda mekdeplerde ýerleşip, her gün diýen ýaly taýýarlyk işleri bilen meşgullanýarlar.

Ilata ýetirýän täsiri

Şol bir wagtda-da Tagtabazara prezident geljekmiş diýen habar adaty ilatyň durmuşyna öz aýratyn täsirini ýetirýär. Meselem, 11-nji-12-nji awgust aralygynda etrapda hiç hili awtomobil hereketleriniň bolmaly däldigini hakda resmi duýduryşyň bardygy aýdylýar.

Şol sebäpden Tagtabazar etrabyna girilýän ýerde ertirden başlap etraba hiç hili awtomobil ulaglarynyň goýberilmejekdigi barada habarlar bar. Beýle ýagdaý, esasanam, Mary-Tagtabazar aralygynda taksi sürýänleriň işine öz täsirini ýetirer, sebäbi olaryň gazanjy edil şol ýola bagly.

“Bu çäklendirmeleriň täsiri iki gün bilen çäklense ylalaşyp bolar, emma onuň uzaga çekýän halatlary bolýar. Munuň ýaly ýagdaýlar bilen öňem ýüzbe-ýüz bolduk” diýip, özüni Gurt diýip tanadan 35 ýaşlaryndaky tagtabazarly taksist Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde aýdýar.

“Toý-tomaşa edilmeli däl”

Bu çäklendirme diňe ýol gatnawyna däl, etrapda söwda-satyga hem öz täsirini ýetirýär, meselem, dükançylara-da prezident gelip gidýänçä, dükanlar açylmasyn diýen tabşyryk berlipdir. Azatlyk Radiosyna berlen maglumata görä, ertirden başlap bazar iki günläp işlemez.

Çäklendirmeleriň sanawy diňe bular bilen gutarmaýar, adynyň agzalmazlygyny soran käbir tagtabazarlylaryň aýtmagyna görä, olara iki günüň dowamynda oba ýerlerinde hiç hili toý-tomaşa edilmeli däl diýlen tabşyrygam berlipdir.

Toý-tomaşa bilen bir hatarda ýerli häkimlikleriň wekilleri oba ýerlerinde köçeme-köçe aýlanyp, agzalýan günlerde hiç hili haşal otlary ýakmaly däldigini duýdurypdyrlar. Ýeri gelende aýtsak, oba ýerlerinde zir-zibil atylýan ýer, ýörite konteýnerler bolmansoň, hapany gelip alyp gidýän maşynlar göz öňünde tutulmansoň, öz zir–zibillerini nätmelidigini her hojalyk özbaşyna çözýär. Köplenç adamlar öz hapalaryny, çöplerini ýakmaga mejbur bolýarlar.

Prezidentiň sapary bilen baglanyşygynyň bardygy ýa-da ýokdugy barada takyk bir zat aýdyp bolmasa-da, soňky döwürde etrabyň üstünde harby dikuçarlarynyň uçuşy hem köpeldi. Halk arasyndaky käbir maglumatlardan çen tutulsa, ýakynda etrabyň Ýaşlyk daýhan birleşiginiň çäginde harby türgenleşik geçiriljekmiş.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG