Sepleriň elýeterliligi

Badahşanda çaknyşyklar dowam edýär


Owganystanyň demirgazygyndaky Badahşan welaýatynyň käbir etraplarynda söweşijiler bilen owgan güýçleriniň arasynda çaknyşyklaryň dowam edýär.

Demirgazyk Owganystanda daşary ýurtly jeňçileriň sanynyň barha artýandygy habar berilýär. Owgan resmileri merkezi aziýaly söweşijileriň Badahşan welaýatynyň etraplaryna wehim salýandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda Owganystanyň demirgazyk regionyny durnuklylandyrmak maksady bilen soňky günlerde Jowzjan welaýatynda bolýan wise-prezident general Abdul Reşit Dostum Farýap welaýatyna bardy.

Demirgazyk Owganystanda türkmen-owgan serhedine golaý regionlaryň howpsuzlyk ýagdaýlary barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG