Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň ulaglary ýakyldy


ÝHHG-niň ulaglary ýandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:16 0:00

ÝHHG-niň ulaglary ýandy

Gündogar Ukrainanyň Donetsk şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýörite gözegçi missiýasyna degişli dört sany ulag weýran edildi.

Gürrüňi edilýän missiýanyň 9-njy awgustda Twitterde çap eden maglumatyna görä, ulaglar gijäniň ýarynda missiýanyň Donetskdäki rezidensiýasynyň ýanynda “otlanyp, weýran edilipdir”.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýörite gözegçi missiýasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda ulaglaryň ýerli wagt bilen gije sagat 2:30-da ýanyp başlandygy habar berilýär. Maglumatda üç ulagyň doly weýran bolandygy, birine agyr zeper ýetendigi we beýleki üç sanysynyň bölekleýin zaýalanandygy habar berilýär. Wakada hiç bir adama ýara düşmändir.

Ýörite gözegçi missiýanyň başlygynyň orunbasary Aleksandr Hag (Alexander Hug) Reuters habar gullugyna beren maglumatynda bu wakany “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bu etraplarda bolýan wakalar barada maglumat ýygnamagynyň öňüni almak maksady bilen amala aşyrylan gorkuzmanyň” bir mysaly diýip atlandyrdy.

“Hetdenaşa”

Russiýanyň metbugat serişdesiniň Donetsk separatistleriniň lideri Denis Puşiline salgylanyp berýän maglumatynda Puşilin bu wakanyň “hetdenaşadygyny” we muňa jogapkärleriň tapylmagy üçin elinden gelen bar zady etjekdigini wada berýär.

Puşilin “Biz Donetskde öz operasiýalaryny tamamlaýan missiýa bilen düýbünden gyzyklanmaýarys” diýdi.

7-nji awgustda Ýörite gözegçi missiýasy Donetsk aeroportunda we onuň töwereginde ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň “göz-görtele” bozulýandygyny habar beripdi.

“Lal we kör”

Şeýle-de şol gün 300 çemesi adam Ýörite gözegçi missiýanyň Donetskdäki edarasynyň öňünde protest geçirip, gözgeçileriň çaknyşyklary görmeli we eşitmeli bolanlarynda, “lal we kördügini” tankyt etdi. Şeýle-de protestçiler Ukrainadaky çaknyşyklarda pida bolanlaryň hatyrasyna köçeleri we pyýada ýollary gyzyl reňkdäki boýag bilen reňklediler.

Gürrüňi edilýän Ýörite gözegçi missiýa Ukrainada hökümet güýçleri bilen orsýetparaz separatistleriň arasynda ok atyşygy bes etmek barada şu ýylyň fewral aýynda Minskde gol goýlan ylalaşygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek borjuny öz üstlerine alypdylar..

Ukrain hökümet güýçleri we orsýetparaz separatistler birek-biregi yzygiderli ok atyşygy duruzmak hakdaky ylalaşygy bozmakda aýyplaýarlar.

Gündogar Ukrainadaky bu çaknyşyklar zerarly 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 6500-den gowrak adam heläk boldy.

Bu aralykda 9-njy awgustda iki tarap hem birek-biregi Donetskiniň demirgazyk-gündogar bölegindäki Gorlowka şäherçesine hüjüm etmekde aýyplady.

Separatistler ukrain artilleriýa oklarynyň hüjümi netijesinde parahat ilatdan bir adamyň ölendigini aýdýarlar. Şol bir wagtda ukrain harbysy pitneçileriň hökümet güýçleriniň pozisiýalaryna hüjüm edendigini belleýär.

Ukrain harbysynyň metbugat wekiliniň habar bermegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda bir ukrain esgeri öldürilipdir, 10 sany harby gullukçy we parahat ilatdan hem bir aýal bilen iki sany çaga ýaralanypdyr.

XS
SM
MD
LG