Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe kürtlere basyşy güýçlendirdi


Türkiýäniň harbylary ýurduň günorta-gündogarynda kürt gozgalaňçylaryna garşy basyşlaryny güýçlendirip, 10-njy we 11-nji awgustda kürt söweşijileriniň 17 nyşanyna garşy howadan zarba urandyklaryny aýtdylar.

Hakkari regionynda amala aşyrylan howa zarbalary kanuny bolmadyk we 30 ýyl çemesi wagt bäri kürtler üçin awtonomiýany talap edýän Kürdistanyň Halk Partiýasynyň (PKK) söweşijilerine garşy gönükdirildi.

Ankaranyň iýul aýynda “terrora garşy sazlaşykly urşy” yglan edeli bäri PKK-nyň söweşijileri Türkiýäniň hüjümlerine “YD” atly toparyň söweşijilerinden has köp sezewar boldular.

PKK ýolbaşçylyk edýän Jemil Baýik Türkiýäni kürt söweşijilerine hüjüm edip, “YD” toparynyň söweşijilerini goldamakda aýyplady.

Baýik Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan “YD”-niň söweşijileriniň Siriýada kürtlere garşy alyp barýan söweşinde üstün çykyp, kürtleriň Türkiýäniň serhediniň golaýynda güýçlenmezligini isleýär, diýip pikir edýändigini 10-njy awgustda BBC agentligine aýtdy.

XS
SM
MD
LG