Sepleriň elýeterliligi

ABŞ güman edilýän terrorçylary yzarlaýar


ABŞ-nyň resmileri “Yslam döwleti” söweşiji toparyna wepaly bolmakda kasam eden adamlaryň terrorçylykly hüjümleriniň öňüni almaklyga gönükdirilen kampaniýasyny 10-njy awgustda dowam etdirdiler.

“YD” bilen bilelikde söweşmek üçin kiçi topary düzmekde güman edilýän Nader Saadeh terrorçy topara maddy taýdan ýardam bermäge synanyşmakda aýyplanýar.

Nýu Jersiniň häkimiýetleri şuňa meňzeş aýyplamalar boýunça başda onuň dogany Alaany we Samuel Rahamin Topazy tussag etdiler.

Iordaniýaly Nader Saadeh Iordaniýada “YD” toparyna goşulmaga synanyşanda tussag edilipdi. Ähli aýyplamalar boýunça günäli tapylan halatynda ol onlarça ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilip bilner.

XS
SM
MD
LG