Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa atom reaktoryny işledýär


Ýaponiýa 11-nji awgustda atom reaktoryny işledip başlady we 2011-nji ýylyň Fukusima krizisinden soň ýadro rektorlarynyň ýatyrylmagynyň iki ýyllyk möhletli döwrüni tamamlady. Fukusimadaky partlama soňky onlarça ýylyň dowamynda iň agyr atom betbagtçylygy bolupdy.

Tokiodan 620 kilometr uzaklykda ýerleşýän Sendaidaky reaktory dolandyrýan Utility Kyushu Electric Power kompaniýasy onuň ýerli wagt bilen ir sagat 10:30 işledilendigini habar berdi.

31 ýyl mundan öň gurlan reaktor Fukusimadan soň has berk howpsuzlyk düzgünleriniň çäginde işledilýär we onuň 14-nji awgustda doly güýje girmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG