Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýa täze karzyň şertlerini ylalaşdy


Euklid Tsakalotos
Euklid Tsakalotos

Gresiýanyň maliýe ministri Euklid Tsakalotos hökümetiň halkara kreditorlary bilen täze üç ýyllyk maliýe kömeginiň şertleri boýunça ylalaşandygyny we diňe käbir az sanly detallaryň galandygyny aýtdy.

Tsakalotos üç ýylyň dowamynda 93 milliard dollaryň berilmegine kepil geçilendigini belledi.

Ýewropa Bileleşiginiň 11-nji awgustda ýaýradan beýannamasynda Gresiýa bilen “syýasy däl-de, tehniki” ylalaşa gelnendigi aýdyldy.

Gresiýanyň hökümeti şu hepdede parlamentde tassyklanmagyna garaşylýan ylalaşygy kepillendirmek isleýär. 14-nji awgustda ýewro giňişliginiň maliýe ministrleriniň duşuşygy geçiriler.

Esasy synagyň Gresiýanyň ozalky iki bergisiniň uly bölegini üpjün eden Germaniýa ýaly ýurduň reaksiýasy bilen bagly bolmagyna garaşylýar.
Gresiýa Ýewropanyň Merkezi Bankyndan 3 milliard ýewrodan gowrak pula eýe bolmak üçin 20-njy awgustda çenli ylalaşyk baglaşmaly.

XS
SM
MD
LG