Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ghani Pakistany tankyt etdi


Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani
Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani

Owganystanyň prezidenti Kabulda onlarça adamyň ölümine we ýüzlerçe adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan gandöküşikli hüjümleriň yzýany Pakistany “Talybana” basyş etmäge çagyrdy.

Owganystanyň paýtagtynda soňky günlerde bolan hüjümler 2009-njy ýyldan bäri iň heläkçilikli hadysalar boldy.

Aşraf Ghani 10-njy awgustda telewideniýede eden çykyşynda atom ýaragyna eýe bolan goňşusynyň adyna köpçüligiň öňünde eden öz seýrek tankydynda Pakistany Kabula garşy 14 ýyl bäri uruş alyp barýan söweşijileri goldamakda aýyplady.

Ghani şu hepdede Yslamabada resmi toparyny iberip, munuň soňuna çykmakçydygyny mälim etdi.

“Soňky günler adamlarymyzy öldürýän janyndan geçen hüjümçileriň we bomba öndüriji kärhanalaryň Pakistanda öňküsi ýaly aktiwdigini görkezdi”, diýip Ghani aýtdy.

Şeýle-de owgan prezidenti “biz guramaçylara garşy hereketi isleýäris” diýdi.

Bir ýyl mundan ozal häkimiýet başyna geçen Aşraf Ghani söweşijilere täsiri bolan Pakistan bilen has ýakyn gatnaşygyň tarapynda çykyş edipdi we Pakistanyň “Talyban” bilen parahatçylykly gepleşikleri ýola goýmagyna bil baglapdy.

Ghani soňky çykyşynda biz Pakistanyň “Talybany” parahatçlykly gepleşiklere getirmegini islemeýäris, biz onuň öz giňişligindäki äktiwliginiň soňuna çykmagyny isleýäris diýdi.

XS
SM
MD
LG