Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Korrupsiýa garşy reforma makullandy


Parlamentiň spikeri Salim al Juburia

Parlamentiň spikeri Salim al Juburia

Yragyň parlamenti premýer-ministr Haider al-Abadiniň korrupsiýa garşy reformasyny biragyzdan goldady.

Reformalar boýunça ses berişlik 11-nji awgustda parlamentiň spikeri Salim al Juburia tarapyndan yglan edildi.

Abadiniň Yrakda protestleriň dowam edýän wagtynda öňe süren korrupsiýa garşy gönükdirilen we puly tygşytlamagy göz öňünde tutýan çäreleri ýokary wezipeli orunlaryň birnäçesiniň ýok edilmegini we korrupsiýa garşy derňewleriň geçirilmegini öz içine alýar.

10-njy awgustda Yrakda premýer-ministriň üç orunbasary korrupsiýa boýunça özlerine garşy işiň gozgalandygy yglan edilensoň wezipelerinden çekildi.

XS
SM
MD
LG