Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe pitneçilere garşy hüjümini güýçlendirýär


Türkiýäniň ýörite polisiýa güýçleri. 10-njy awgust, 2015 ý. Sultanbeýli, Stambul.
Türkiýäniň ýörite polisiýa güýçleri. 10-njy awgust, 2015 ý. Sultanbeýli, Stambul.

Türkiýäniň harbysy 10-11-nji awgustda kürt pitneçileriniň 17 sany nokadyna garşy howa zarbalarynyň urlandygyny aýdýar. Bu hüjümler Türkiýäniň harbylarynyň ýurduň günorta-gündogar bölegindäki kürt pitneçilerine garşy howa hüjümleriniň gerimini giňeltmegi bilen bagly amala aşyryldy.

Türkiýäniň Hakkari welaýatyndaky bu hüjümlerde bikanun ”Kürdüstan işçiler partiýasyna” (PKK) degişli söweşijiler nyşana alyndy. Gürrüňi edilýän söweşijiler has uly Kürt awtonomiýasyny döretmek maksady bilen üç on ýyllykdan bäri gozgalaňlary dowam etdirýärler.

Türkiýäniň harbysy tarapyndan ýaýradylan beýanatda howa zarbalarynyň Buzul dagynyň we Ikiýaka regionynyň töwereginde amala aşyrylandygy mälim edildi. Ikiýaka regiony Eýran we Yrak bilen serhetleşýär.

Sinhronlaşdyrylan uruş”

Türkiýäniň güýçleri iýul aýyndan bäri Siriýadaky “Yslam döwleti” atly toparyň jeňçilerine garanyňda demirgazyk Yrakdaky we Türkiýedäki PKK pitneçilerine garşy has köpräk hüjümleri amala aşyrýarlar. Ankara bu hüjümleri iki duşmançylykly topara garşy “sinhronlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýan uruş” diýip atlandyrdy.

Türk häkimiýetleri Türkiýäniň öz çäklerinde-de ýüzlerçe güman edilýän kürt pitneçilerini tussag etdiler.

PKK-a ýolbaşçylyk edýän Jemil Baýyk (Cemil Bayik) Türkiýäni kürt söweşijilerine garşy hüjüm etmek arkaly “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerini goramakda aýyplady.

Aýyplamalar

Baýyk 10-njy awgustda BBC korporasiýasyna beren maglumatynda “Meniň pikirimçe, türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Siriýadaky kürtleriň Türkiýäniň serhediniň golaýynda has köp territoriýa kontrollyk etmeginiň öňüni almak maksady bilen “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň demirgazyk Siriýadaky kürtlere garşy alyp barýan söweşinde üstünlikli bolmagyny isleýär” diýdi.

NATO-nyň agzasy Türkiýe bu aýyplamalary ret edip, ýakynda “Yslam döwleti” atly toparyň jeňçilerine garşy operasiýalaryny güýçlendirmegi planlaşdyrýandygyny aýdýar.

Türk howa zarbalarynyň soňky tolkuny 10-njy awgustda kürt pitneçileri Türkiýäniň howpsuzlyk güýçlerine garşy öz hüjümlerini gaýtadan başladan mahaly has-da güýçlendi. Şol hüjümlerde azyndan dokuz adam öldi.

Stambulda partladyjy serişdeler ýerleşdirilen ulag bilen polisiýa merkezine hüjüm edildi.

Hüjümler

Stambulyň häkiminiň edarasy bu wakada bir pitneçiniň ölendigini, şeýle-de partlamanyň yz ýany bolan ok atyşykda başga-da iki söweşijiniň we bir polisiýa ofiseriniň heläk bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de 10-njy awgustda iki sany aýal Birleşen Ştatlaryň konsulhanasyna garşy ot açdy, emma bu wakada hiç kime ýara düşmedi.

Şol bir wagtyň özünde 10-njy awgustda Türkiýäniň günorta-gündogar böleginde harby ulagyň ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň üstünden barmagy netijesinde dört polisiýa ofiseri heläk boldy.

Türkiýäniň harbysy Şyrnakdaky kürt söweşijileriniň harby dikuçara eden aýry hüjüminde hem bir türk esgeriniň ölendigini mälim etdi. Şyrnak Hakkari regionynyň gapdalynda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG