Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe "howpsuz zona" döretjek diýýär


Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu öz ýurdunyň demirgazyk Siriýada, serhediň aňry ýüzünde bosgunlaryň Siriýanyň hökümet güýçleriniň ýa-da «Yslam döwleti» jeňçileriniň hüjüminden aman galyp biljek howpsuz zonasyny döretmekçi bolýandygyny aýdýar.

Dawutoglu 11-nji awgustda giçlik BBC-ä bu howpsuz zonanyň Türkiýäniň goşunlary bilen däl-de, eýsem Siriýanyň «aram» oppozisiýa toparlary tarapyndan goraljagyny aýtdy. Ýöne ol Türkiýäniň, eger wehim salynsa, harby güýç ulanjagyny aýtdy.

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi 11-nji awgustda irden Birleşen Ştatlar bilen Türkiýäniň 98 km uzynlykda, 45 km giňlikde bir howpsuz zona döredip, bu zonanyň «Azat Siriýa goşuny» tarapyndan goralmagy barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

Türk-siriýa serhediniň boýundaky bu uzan zolak YD jeňçileriniň kontroly astynda ýerleşýär.

Emma ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Mark Toner: "Munyň ýaly bir zona barada ylalaşyk ýok» diýdi.

XS
SM
MD
LG